Halkymyzyň zähmetsöýerligi, çeper döredijilige bolan ukyby, gözellikleri döretmäge bolan islegi türkmeniň kämil ussatlygyny äleme ýaýdy. Hut şonuň üçin zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik sungaty, keçe basmak senetçiligi, çeper döredijiligiň aýratyn bir ugry bolan halk ussaçylygy ösüp kämil derejelere ýetdi.
Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan ussalaryň kämil önümleri öndürmegi, ussaçylygyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek babatda 2017-nji ýylyň 15-nji aprelindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň halk çeper döredijilik işini kämilleşdirmek hakyndaky” Karary möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ussalaryň çekýän döredijilikli zähmetiniň döwlet tarapyndan goldanylýandygynyň, olaryň kämil önümleri taýýarlamagy üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr. “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýilişi ýaly has tapawutlanyp işleýän ussalara her ýyl “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen hormatly atlar dakylýar.
Hut şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Çeper döredijiligiň milli tejribesi” atly döredijilik duşuşygy geçirildi we Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan hödürlenen aýratyn tapawutlanyp işleýän ussalara “Çeper döredijiligiň halk ussasynyň” Şahadatnamalary gowşuryldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär kätibi Ç. Rüstemowa, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan “Çeper döredijiligiň halk ussasy” adyna eýe bolan ussalar, senetkärler hem-de medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynyň çäginde halyçylyk, zergärçilik, keşdeçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşlyk sungaty, agaç ussaçylygy, keçe basmak senetçiligi barada gyzykly çykyşlar edildi, milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy.
Bizem halal zähmeti bilen tanalýan, “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen hormatly ada eýe bolan ussalarymyzy, senetkärlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, ýurdumyzyň ussalarynyň çekýän çeper döredijilik işine badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin edýän aladalary hemişe rowaçlyklara beslensin. Ussalarymyza bolsa mundan beýläk hem döredijilikli zähmet çekmegi arzuw edýäris.
OGULTÄÇ HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň
Maddy däl medeni miras müdirliginiň
başlygynyň orunbasary.