Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gymmatly edebi mirasy öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda hem okyjylar üçin “Çeper eserlerde zenanlaň keşbi” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplar we gazna täze gelip gowşan kitaplar ýerleşdirildi. Bu sergi okyjylarda we ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Sergä gatnaşyjylar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.