Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminiň işgärleri, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 26-njy çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler bilen “Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy” atly çeper okaýyş çäresini gurnadylar. Kitaphana işgärleri körpelere özleri üçin döredilýän mümkinçilikler hakynda gürrüň berdiler hem-de birnäçe gyzykly ertekileri okap berdiler. Ertekileriň gahrymanlary baradaky giňişleýin gürrüňler çagalarda uly täsirleri galdyrdy. Bakja-bagynda terbiýelenýän çagalar okalan ertekiler barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar.