logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň gurnamagynda, Aşgabat şäherindäki 66-njy çagalar bagynda “Bal süýji, baldan bala süýji” atly çeper okaýyş geçirildi. Çeper okaýyşda kitaphana hünärmenleri çagalara ertekilerden labyzly okap berdiler. Çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp, özlerinde täsir galdyran gahrymanlary barada gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar.
Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekileri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem, çeper okaýyşyň çäginde “Kitap – meniň dostum!” atly, Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndaky çagalara degişli kitaplardan göçme kitap sergisi gurnaldy. Kitaphana işgärleri çagalara türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler hem-de ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy.