Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň gurnamagynda, Aşgabat şäheriniň 46-njy çagalar bagynda “Bal süýji, baldan bala süýji” atly çeper okaýyş geçirildi.
Çagalara gyzykly ertekiler okalyp, olaryň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bakja bagynda terbiýelenýän çagalar okalan ertekiler barada özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin.