logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan 47-nji çagalar bakja bagynda “Medeniýetli nesil-bagtyýar geljegiň gözbaşy” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi guraldy. Çagalar bakja bagynda guralan sergidäki kitaplar, ertekiler çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphanaçylaryň okap beren ertekilerini çagalar uly höwes bilen diňlediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde kitabyň sarpasy belent tutulýar.

Ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.