logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«ÇYNAR» ÇAGALAR DYNÇ ALYŞ WE SAGALDYŞ MERKEZINDE SERGI GURNALDY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri dürli gymmatlyklary muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar.

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 1-na Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Türkmenistanyň tebigy we milli gymmatlyklary» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Serginiň dowamynda Türkmen halkynyň milli egin-eşikleri we haly önümleri bilen tanyşdylar. Çagalar bilen sorag-jogap alyşylmagy olarda uly täsir galdyrdy.