Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýurdumyzyň «Galkynyş» atçylyk toparynyň Monte Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalyna gatnaşyp, dünýä ýüzünde ýene bir gezek türkmen sungatyny, medeniýetini belende göterendigi hem-de toparyň ussat çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlarynda ençeme gezek ýeňişlere eýe bolandygy mynasybetli «Dal bedewler döwrüň uçar ganaty, sarpalanýar älem içre şöhraty» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ahalteke bedewleri ösdürip ýetişdirmek, toý-baýramlarda at çapyşyklaryny, gözellik bäsleşiklerini geçirip, ýyndam bedewlere baýraklary gowşurmak, ussat çapyksuwarlary sylaglamak däbi hem behişdi bedewlerimize bildirilýän sylag-hormatdan nyşandygy buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle-de dünýä ýüzünde at-abraýa eýe bolýan ahalteke atlarymyzyň, ussat çapyksuwarlarymyzyň şeýle ýeňişleriniň, üstünlikleriniň has-da kän bolmagyny arzuw edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmeniň uçar ganaty, ýyndamlygyň nusga keşbi ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.