Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda “Dal bedewler menzilleri geçende, göwün ganatlanýar Garaşsyz Watanda” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Garaşsyzlyk ýyllar içinde owazasy dünýä dolan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň köňlüniň täjine deňelip, toý-baýramlarymyzyň bezegidigi, çünki türkmen halkynyň taryhynda bedewiň tutýan orny örän uly bolup, akyllylygy, çydamlylygy, gözelligi we ýyndamlygy bilen dünýä ýüzünde meşhurlyga eýedigi hem-de milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.