logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«DAŞARY ÝURT ERTEKILERINE SYÝAHAT» TEMASYNDAN «ÜÇ AÝY» ATLY RUS ERTEKISI BOÝUNÇA SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 12-nji çagalar bagynda «Daşary ýurt ertekilerine syýahat» temasyndan «Üç aýy» atly rus ertekisi boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen söhbetdeşligiň dowamynda körpeje balalara suratlaryň üsti bilen gyzykly edip ertekini okap berdi. Suratly erteki kitaplaryň üsti bilen körpeleriň aň-zehinini ösdürmek, olaryň söz baýlygyny artdyrmaga kömek edýär. Hünärmen söhbetdeşlikde çaga diline düşnükli bolan ertekilerde beýan edilýän ýagşy, erbet (ýaramaz) gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda körpejelere durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşygynda bolmak, her bir ýerde–çagalar bagynda, mekdepde hem birek-birege kömek bermek, ululara hormat goýmak, dogruçyl bolmak barada düşünje berildi. Geçirilen çärede kitaphananyň hünärmeni söhbetdeşligiň adyna degişli kitaplardan sergi gurnady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de olaryň ukyp başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredip, berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.