“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Daşky gurşawy goramak-ömrüňi goramak” atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Diýseň köp adamly uly ruhubelentlikde, ýokary guramaçylykda geçirilen sergä talyp ýaşlar mugallymlar Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň işgärleri,muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar .
Hormatly Prezidentimiz tebigaty goramagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ekologiýa abadançylygy we Daşky gurşawy goramak barada şeýle dürdäne setirleri belleýär:,,Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlük we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär”diýip belleýär Ekologiýa howpsuzlygy meselesi boýunça alnyp barylýan işleriň pugta kanunçylyk binýadynyň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Garaşsyzlyk ýyllarynda bu babatda zerur kanunçylyk namalary işlenilip düzüldi we kabul edildi. Olaryň arasynda “Tebigaty goramak hakynda”, “Ätiýaçlandyryş hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň kanunlary hem bar. Bu kanunlar tebigaty goramak we bu babatda ýüze çykýan dürli meseleleri çözmegiň kanunçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetli hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilipdir, dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda bellenilýär. Türkmenistanda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir, şunda hojalyk işiniň we beýleki işleriň ösdürilmegi tebigata, onuň baýlygyna aýawly goramak, tebigy resurslary rejeli peýdalanmak bilen, adamyň sagdyn we ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşaw baradaky hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär.Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär.
Tebigatda gözel Watanymyzyň nurana keşbi bar.Tebigaty söýmegiň Watany söýmegi aňladýandygy bolsa biziň her birimize mälimdir.Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär.Bu işler ýurdumyzyň bütin ekologiýa ulgamyna, şol sanda topragyň, suwuň, howanyň arassalygyna, biodürlüligiň ýagdaýyna zyýan ýetirmeli däldir.Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň, ruhybelentligimiziň çeşmesidir, ömrümiziň kepilidir, rahatlygydyr.