logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Daşky gurşawyň goraglylygy- abadan ýaşaýşyň kepili

Tebigatda Watanymyzyň keşbi bar. Tebigaty söýmegiň Watany söýmegi aňladýandygy bolsa biziň her birimize mälimdir. Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr. Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň, ruhubelentligimiziň çeşmesidir, ömrümiziň kepilidir, rahatlygydyr.

Adamzadyň tebigy baýlyklardan barha köp möçberde peýdalanmagy tebigatyň deňagramlylygyna öz täsirini ýetirýär. Munuň özi ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge düýpli çemeleşmegi, bu babatda täzeçe çözgütleri kabul etmegi we olary durmuşa geçirmegi talap edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetligi hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilipdir, bu baýram dünýäniň birnäçe ýurdunda bellenilýär. Biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen 2008-nji ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni milli baýram diýlip yglan edildi.

Ýurdumyzda tebigaty goramak we onuň bilen baglanyşykly kanunçylyk tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýörelgelerine esaslanýar. “Tebigaty goramak hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda” we birnäçe suw, ýer, tokaý hakyndaky kanunlary mysal getirmek bolar.

Türkmenistanda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir, şunda hojalyk işiniň we beýleki işleriň ösdürilmegi tebigata, onuň baýlygyna aýawly goramak, tebigy resurslary rejeli peýdalanmak bilen, adamyň sagdyn we ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşaw baradaky hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär. Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ,,Ekologiýa abadançylygy-adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy, umumyadamzat ähmiýetli wezipelerdigi, bagy-bossan diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan daşky gurşawyň abadançylygyny goramaga gönükdirilen beýik işleriň mynasyp dowam etdirilýändigi dogrusynda täsirli hem-de buýsançly söhbetlere giň gerim berildi. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar baýramçylyk mynasybetli ,,Daşky gurşawyň goraglylygy-abadan ýaşaýşyň kepili” atly muzeýde gurnalan sergä uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Olar sergide ýerleşdirilen muzeý gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy eseriniň birnäçe tomlary hem-de suratkeşleriň surat eserleri, dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň görnüşleri we olar hakyndaky maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Dabaraly geçen maslahatyň hem-de serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bagy-bossan ýurdymyza ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygyny, gözel tebigatymyzyň täsinliklerini gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.