logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Daşky gurşawyň gözelligi – bagtyýar ýaşaýyş

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Daşky gurşawyň gözelligi – bagtyýar ýaşaýyş» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda tebigata sarpa bilen garamak, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler ata-babalarymyzyň döreden nakyllaryndan, paýhasly sözlerinde aýdyň görünýändigi ýagny, «Bagy baryň saýasy bar», «Bagy baryň miwesi bar» diýen parasatly jümleler halkyň öz durmuşynyň içinden syzlyp çykan hakykatdan gözbaş alýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ajaýyp tebigy gözelliklere baý Türkmenistan döwletimiziň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek, halkyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek işleri möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.