logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DAÝHANYŇ YHLASY–RYSGAL BEREKEDIŇ ÇEŞMESI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Daýhanyň yhlasy–rysgal berekediň çeşmesi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Hasyl toýy her ýylda eziz Diýarymyzda agzybirlikde bellenilip, halkymyzy täze üstünliklere, beýik zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygyny, topragymyzyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem-de egsilmez rysgalyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň yhlasly zähmetiniň miwesi özboluşly beýan tapýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen geljegimize tarap, ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.