logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dermanlyk ösümlikler – tebigatyň serpaýy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly kitaplaryna bagyşlanyp “Dermanlyk ösümlikler – tebigatyň serpaýy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabynyň diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem giň okyjylar köpçüligi üçin hem gymmatly gollanmadygy, kitapda gözel Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden söz açylyp, olaryň ulanylyşy hakynda gymmatly maglumatlaryň berilýändigi barada hem söhbetler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitaphana hazynalarynyň üstüni ajaýyp eserleri bilen baýlaşdyryp ruhy baýlyklarymyza uly sarpa goýýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.