logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ YLMY ÇEŞMESI

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýän gününde däp bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenabat şäherindäki lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Bu goşa kitaplaryň çapdan çykmagy diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri däl, eýsem ähli halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu düýpli ylmy ensiklopediýasy okyjylara ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekde tebigy gorlarynyň maglumatlaryny ýetirýär. “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitaby bolsa 30 ýyl bolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirililýän işleriň beýany we milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerine baý bolan ylmy-ensiklopedik seýle-de saglyk ulgamynda gazanylan üstünlikler baradaky bu kitaplar dünýäniň köp dillerine terjime edilip, lukmanlaryň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykýan ajaýyp kitaplarynyň, höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuwlar edilip, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyldy we janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.