Müňýyllyklaryň dowamynda barha kämilleşip gelen naýbaşy epiki mirasymyz bolan dessanlar halkyň geçmişini, ýaşaýyş durmuşyny, dil baýlygyny, edim-gylymyny, däpdir dessuryny, milli aýratynlyklaryny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Halk bagşylarymyzyň dessanlary başdan-aýak şowhun bilen saza goşup aýtmak däbi asyrlaryň dowamynda kämilleşipdir” diýen parasatly sözleri dessançylyk sungatynyň ençeme asyrlaryň dowamynda taraşlanyp, kämilleşip, şu günlere gelip ýetendigini doly subut edýär.
Dessanlaryň biziň günlerimize gelip ýetmeginde dilewar, gepe çeper, söze ussat adamlar bilen birlikde bagşy-sazandalaryň hyzmaty örän uludyr. Halk arasynda ýatkeş, aýdyjy ussatlar, dessançy bagşylar bolup, olar dessanlary nesilden-nesle, dilden-dile, asyrdan-asyra aşyryp biziň günlerimize ýetirdiler. Dessançylyk sungaty bagşydan dessany ýatdan gürrüň bermegi, saz çalmagy we aýdym aýtmagy we beýan edilýän wakalary, keşpleri göz öňünde ussatlarça janlandyrmagy talap edýän sungat. Dessançy bagşylar bu sungatyň ýerine ýetirijilik däplerini dowam etdirip, millilige, watansöýüjilige we ynsanperwerlige ýugrulan eposdyr dessanlary biziň günlerimize ýetirdiler.
Dessançy bagşylaryň diliniň senasyna öwrülen dessanlar türkmen aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary bolmak bilen olar biziň günlerimizde-de giňden meşhurdyr. Olary gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek, halk arasynda giňden wagyz etmek hem-de geljekki nesillere geçirmek döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biridir. Ine şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman medeniýet öýünde ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmagynda “Dessançylyk sungaty parahatçylygyň ylham çeşmesi” atly konsert geçirildi. Konsertde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Täçmuhammet Durdymyradow, Gülnar Garrybaýewa, Ahal welaýatyndan Ýalkap Durdymyradow, Rahman Şanazarow, Balkan welaýatyndan Ýagmyrgeldi Hangeldiýew, Akmyrat Şyhyýew, Öwezmyrat Begjikow, Daşoguz welaýatyndan Türkmenistanyň at gazanan artistleri Bibinur Aşyrowa, Sabyr Sabyrow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Nowruzguly Mätniýazow, Meýlis Mätgeldiýew, Lebap welaýatyndan Kerim Annakulyýew, Arslan Baýlyýew, Mary welaýatyndan Akmyrat Ýakubow dagylar gatnaşyp, “Görogly” şadessanyndan, şeýle hem “Alpamyş”, “Saýyly we boýny ýogyn”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Şasenem-Garyp”, “Ýusup-Ahmet”, “Nejep oglan” dessanlaryndan parçalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsert türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly aýdym bilen ruhubelent ýagdaýda jemlendi. Konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Şäher Täçew alyp bardy.
Türkmen milli aýdym-saz döredijiliginde aýratyn bir ugur bolan dessançylyk sungatyny ösdürmekde we halypa bagşy-sazandalarymyzyň aýdym-saz mirasyny giňden wagyz etmekde bize ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri baky rowaç bolsun.