logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«DESSANÇYLYK SUNGATYNYŇ NAÝBAŞY NUSGALARY» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan dessançylyk sungaty milli aýdym-saz sungatynyň özboluşly ugry bolup, bu sungat halypadan şägirde geçip, kämillik derejesine ýetdi we biziň günlerimize gelip ýetdi.

Alym Arkadagymyz özüniň «Ile döwlet geler bolsa... » atly kitabynda: «Dessançylyk - bu düýp manysy boýunça ýekelikde ýerine ýetirilýän sahna eseridir» diýip jaýdar belleýär. Çünki, dessançy bagşy, hem aýdymçy, hem sazanda, hem-de artist hökmünde çykyş edýär. Dessançynyň bagşyçylyk ussatlygy aýdymynda, sazandarlyk ussatlygy sazynda, dilewarlyk ussatlygy dessanlaryň kyssa böleklerini ýerine ýetirmeginde ýüze çykýar.

Sazyň, sesiň hem-de sözüň güýji bilen diňleýjileriň ünsüni çekip, olary özüne tabyn etmek, täsir etmek ýaly başarnygy özünde jemleýän dessançy bagşylaryň repertuary möçber taýdan uludygy bilen tapawutlanýar. Ses, ýatkeşlik hem-de ýerine ýetirijilik ussatlygy ýokary derejä eýe bolan bagşylarymyz bu ajaýyp sungaty kämillik derejesine ýetirdiler.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan, özboluşly ýerine ýetirijilik we döredijilik ýollary bilen tapawutlanýan bagşylaryň döredijiligini we olaryň öz şägirtleri bilen bolan halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döwrebap derejede ösdürmek, bu gadymy sungatyň welaýat aýratynlygyny çuňňur öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Daşoguz welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Dilewar oba Medeniýet öýünde türkmen milli dessançylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik däplerine bagyşlanan «Dessançylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygyna medeniýet, sungat işgärleri we bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler dessançylyk sungatynyň ussat halypalary, olaryň halypa-şägirtlik ýoly, dessanlaryň ýerine ýetiriliş däpleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Duşuşykda halypa bagşy Aşyrbaý Hydyrow tarapyndan «Saýatly-Hemra» dessanyndan, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Sabyr Sabyrow tarapyndan «Görogly» şadessanyndan, bagşy Wepa Nurmuhammedow tarapyndan «Görogly» şadessanyndan, bagşy Soltanbagt Rejepowa we Daşoguzyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi Laçyn Mätgeldiýewa tarapyndan «Görogly» şadessanyndan parçalar ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Medeniýet öýüniň sahnasyny Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň sergisi bezedi.

Halkymyzyň arasynda «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen ajaýyp pähim bar. Goý, döwletliligiň nyşany hasaplanýan bagşylarymyzyň dilinde dessançylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary türkmeniň nä derejede ynsanperwerligini, parahat durmuşyň we adalatyň tarapdarydygyny, dünýä meşhur gymmatlyklaryň eýesidigini äşgär edip, älem içre ýaňlanyp dursun. Goý, türkmeniň ömürlik hemrasyna öwrülen milli aýdym we saz sungatymyzy dünýä derejesinde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, öňdengörüjilikli we döredijilikli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin.


Ogultäç Hojanazarowa

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.