logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DIKELDIŞ WE GORAP SAKLAMAK TEJRIBELERI

Taryhy gymmatlyklar-bu diňe bir geçmişiň galyndylary däl-de, eýsem adamzat siwilizasiýasynyň maddy we medeni mirasy. Dünýä derejesinde bu mirasy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek we aslyna laýyk görnüşde rejelemek häzirki wagtda iň wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» atly halkara maslahaty 11-nji fewralda Stambul şäheriniň Stambul merkezi we sebit restawrasiýa we konserwasiýa müdirýetinde «Dikeldiş we gorap saklamak tejribeleri» boýunça dowam etdirilýär. Bu ýerde professorlar barlag işini hem-de rejeleýiş işini geçirişleri boýunça çykyş etdiler. Türki dünýäsiniň taryhyny öwrenmek, gorap saklamak, maddy we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek barada sorag-jogap alşyldy.