logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DILLERI SENALY, SÖZI PÄHIMLI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Dilleri senaly, sözi pähimli» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp baýram–Ýaşulylaryň halkara güni biziň ýurdumyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ýaşululara hormat goýmak, mährem enelerimizden ak pata almak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, geljekki nesillere görüm-görelde, terbiýe mekdebi bolup durýandygy hakynda belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.