Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça gazanylan beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, onuň türkmen halkyna beren baky bagtyny wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 64-nji orta mekdebinde “Dilleriń senasy, buýsanjym Watan” Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli edebi-duşuşyk geçirildi.
Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk – Bagtymyz» atly kitabynda «Garaşsyz diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk – barlygymyz, Garaşsyzlyk- bagtymyz» diýen jümleleriň türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge, okamaga ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen belledi. Garaşsyzlyk – baýramy ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bagtyýar durmuşynyň aýdyň dabaralanmasydygy hakynda hem täsirli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.