Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, muzeýiň Ilkinji zenanlar guramasynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Diýarymda ýaňlansyn – Garaşsyzlyk aýdymy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler, türkmen halky üçin Garaşsyzlyk pederlerimiziň asyrlarboýy kalbynda beslän, iň mukaddes arzuwynyň hasyl bolmasydyr. Şeýle hem, Gorkut atanyň boýlarynda, Görogly begiň namasynda, Magtymguly Pyragynyň ylhamynda hem-de merdana pederlerimiziň guran kuwwatly döwletleriniň binýadynda ýaşan barlyk güýji bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlygyň halkymyza eşretli durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berendigi barada nygtadylar.
Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.