logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DIÝARYMYZDA TOÝLAR TOÝA ULAŞÝAR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş eden döredijilik işgärleri şu günler ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp geçirilýän dürli çäreler hakynda aýdyp geçmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli beýik işler, dabarasy dünýä dolýan şanly wakalar iň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygyny nygtadylar. Bu gün dünýä halklarynyň dostlukly nazary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyza gönügýär. Olar öz söhbetleriniň ahyrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap ýazan täze goşgularyny okadylar. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde öz ynsanperwer syýasatlary bilen ähli umumadamzat bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.