logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DIÝARYMYZYŇ DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY BELENDE GALÝAR

Lebap welaýat kitaphanasynda bu medeni ojagyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Farap etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Diýarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklary belende galýar” atly mowzuk agşamy geçirildi. Çykyşlarda esasanam hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan garaşsyz döwlet hökmünde özüni tanatmak, içerki ykdysady we diplomatik potensialyny durmuşa geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri gazandy. Has dogrusy, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmak üçin täsirli diplomatik guraldyr. Bitaraplyk hukuk ýagdaý ýurtlara halkara we diplomatik abraýyny berkitmäge, işjeň ykdysady, institusional, söwda we dünýä jemgyýetçiliginiň beýleki agzalary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilikleri döredýär. Şol jähetden Bitarap Türkmenistan halkara hukugyň deň derejeli agzasy bolmak bilen, döwletara diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek işine işjeň gatnaşyp gelýär diýip bellediler. Gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan “Türkmenistan abadançylygyň we asudalygyň mekany” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. Çykyşlarda asuda asmanymyzda ýaşamana, işlemäne döredilýän mümkinçilikleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.