Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda biri-birinden zyýada gelýän her bir ýyl türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýetde we sungatda halkara derejesindäki hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitirilýän işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Medeniýetiň ösüşiniň ähli döwürleriniň dowamynda adam öz durmuşyny gözelleşdirmäge, daş-töweregini gurşap alan zatlaryny owadan edip ýasamaga çalşypdyr. Dizaýn şäherleriň we binalaryň çeper bezeginde, azyk önümçiliginde we başga-da pudaklarda özüne çekijiligi gazanmaga hem-de adamlaryň ünsüni çekmäge ýardam berýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Modenesa Gastone Interiors Srl» kompaniýasynyň dizaýneri Leandro Skalkonyň gatnaşmagynda «Italýan dizaýn» günlerine bagyşlanyp okuw sapagy geçirildi. Italýan dizaýneri binalaryň içki görnüşi we döwrebap mebelleriň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagyň dowamynda özüniň kompaniýasy tarapyndan çykarylan kitaplary, wideo ýazgylary we suratlary bilen italýan dizaýnynda peýdalanylýan tehnologiýasynyň, ekologiki taýdan arassa önümleriň zerurlygy, ergonomiki taýdan amatly derejede öndürilişi, estetiki taýdan hem owadanlygy barada beýan etdi. Bu okuw sapagyna dizaýn, binagärlik, sungaty öwreniş kafedralarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşyp, italýan dizaýny barada birnäçe soraglary bermek bilen täze maglumatlary öwrendiler. Dizaýneriň gürrüň bermegine görä, ýurtlaryň arasyndaky ykdysady, söwda gatnaşyklary italýan dizaýnynyň beýleki halklaryň milli aýratynlyklary bilen sazlaşykda özgerýär we kämilleşýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlarynyň medeniýeti bilen giňden tanyşmaga döredilen mümkinçilikler ýaş dizaýnerleriň taslamalarynda öz şöhlelenmesini tapar.