Kalbymyň ruhy çyragy,
Doganlarym, doganlarym,
Üzülmesin ýürek bagy,
Doganlaryň, doganlaryň,
***
Günlerim sizsiz geçmesin,
Ýüzleriň nury öçmesin,
Hiç haçan ara açmasyn,
Doganlarym, doganlarym,
***
Biri gözüm, biri gaşym,
Birisi ýürek syrdaşym,
Ählisi hem jan gardaşym,
Doganlarym, doganlarym.
***
Kyn günümde medet beren,
Nusga bolup edep beren,
Bir bakamda göwnüm bilen
Doganlarym, doganlarym.
***
Günler geçýär hatar-hatar,
Olar kalba gussa gatar,
Gynansakda ömür öter,
Hiç ötmesin doganlarym.
***
Dogan başy bozulmasyn,
Ýüreklermiz ezilmesin,
Başy gussa bogulmasyn
Doganlaryň, doganlaryň.
***
Siz bilen ýazdyr bu ömür,
Szi bilen sazdyr bu döwür,
Ykbalyma boluň höwür,
Doganlarym, doganlar
Ogultäç HOJANAZAROWA