logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖREDIJILIGIŇ HEM MEDENIÝETIŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Döredijiligiň hem medeniýetiň baýramy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrylmagy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegi, döredijilik işgärleriniň täze eserleri döretmäge ruhlandyrýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli Milli goşun žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Aşyrmät Garlyýewiň okamagynda birnäçe ajaýyp goşgular diňlenildi, çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlara, tanslara tomaşa edildi.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny täze belentliklere çykarmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.