logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

I. DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ MAKSADY

  1. Bu döredijilik bäsleşigini (mundan beýläk – döredijilik bäsleşigi) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde geçirýärler.

  2. «Bedew batly Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gülläp ösýän bedew batly Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy we beýik ösüşleri giňden wasp etmek, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwrebap, kämil goşgulary döretmek, milli senenamyzda orun alan baýramçylyklary dabaralandyrmak, türkmen aýdym-saz sungatyny täze aýdymlar bilen baýlaşdyrmak üçin many-mazmunly şygyrlary döretmek, edebiýatymyzy we sungatymyzy has-da ösdürmek maksady bilen guralýar.

  3. DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ŞERTLERI

1.Döredijilik bäsleşiginiň 1-nji şertine laýyklykda, milli senenamyzda orun alan baýramçylyklar — Täze ýyl, Watan goragçylarynyň güni, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni, Halkara Zenanlar güni, Milli bahar baýramy, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Bilimler we talyp ýaşlar güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, Ýaşulularyň halkara güni, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy, Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni, Gurban baýramy hakynda ýazylan goşgular hödürlenilýär.

2.Döredijilik bäsleşiginiň 2-nji şertine laýyklykda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny joşgunly wasp edýän, täze aýdymlaryň sözleri üçin niýetlenen goşgular hödürlenilýär.

  1. Döredijilik bäsleşiginiň 3-nji şertine laýyklykda ýurdumyzda açylyp ulanylmaga berilýän ýa-da düýbi tutulýan medeni-durmuş maksatly binalar, senagat-önümçilik toplumlary, täze şäherçeler hakynda ýazylan goşgular hödürlenilýär.

  2. DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ UMUMY DÜZGÜNLERI

Döredijilik bäsleşigine beýan edilen temalar boýunça ýedi, sekiz ýa-da on bir bogunda ýazylan goşgular hödürleniýär. Goşgy bäş ýa-da alty bentden ybarat bolup, onuň jemleýji bendi aýdymyň gaýtalanmasy üçin niýetlenip ýazylmaly. Ýylyň şygary bilen baglanyşykly goşgular dürli bogunlarda ýazylyp bilner.

Hödürlenen goşgularyň iň gowulary ýurdumyzyň kompozitorlaryna aýdym döretmek üçin teklip ediler. Iň gowy goşgulara saz ýazylyp, şol aýdymlar döwlet we welaýat derejesindäki çärelerde ýa-da teleradioýaýlymlarda ýerine ýetirilen ýagdaýynda, goşgulary ýazan şahyrlar ýeňijilige teklip edilip bilner.

Ýurdumyzyň şahyrlary döredijilik bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda kompozitorlar, aýdymçylar, bagşylar bilen gönüden-göni işleşip, öz goşgularyna döredilen aýdymlar bilen bu döredijilik bäsleşigine gatnaşyp bilerler. Şunda täze döredilen aýdymlaryň baýramçylyk çärelerinde ýa-da teleradioýaýlymlarda ýerine ýetirilen bolmagy hökmandyr.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşmak üçin, beýan edilen temalar boýunça ýazylan goşgulary familiýasy, ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, fotosuraty, telefon belgisi görkezilen Maglumat bilen sanly-medeniyet@sanly.tm elektron salga ibermeli. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän eserler 2026-njy ýylyň 1-nji martyna çenli kabul edilýär.

Döredijilik bäsleşigi şu ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşurylar.