logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň toýdur- baýramlara beslenýän bu bagtyýar günleri uly zähmet üstünliklerine hoşlukly, buşlukly toý ruhuna beslenýän dabaraly çäreler bilen utgaşýar. Her ýyl däp bolşy ýaly, welaýatymyzda hereket edýän «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň bilelikde yglan etmeginde «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy Lebap welaýat kitaphanasynda uly ruhubelentlikde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.

Bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlaryndan onlarçasy gatnaşdy.Diýseň täsirli çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşige işjeňlik häsiýet mahsus boldy. Ýeri gelende buýsanç bilen belläp geçsek bu bäsleşikde biziň zähmet çekýän ojagymyz milli gymmatlyklar hazynasy Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň usulçysy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Gülälek Batyrowanyň bu bäsleşige gatnaşyp baýrakly orna mynasyp bolmagy hemişelik bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýnuň bellenilýän günlerinde baýramçylyk şatlygymyzy has-da goşalandyrdy. Biziň ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmaga, ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalary gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmäge zehin başarnyklarymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halkymyza ýaýmaga ähli şertler döredilen. Şu şertlerden, mümkinçiliklerden ruhlanýan ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlarynyň kalby elmydama joşgunly. Bu bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolan ildeşlerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlap galamlarynyň ujunyň ýiti bolmagyny, döredijiliginiň has-da güllemegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Bizi parahatlygyň gujagynda, asudalygyň ojagynda döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän biziň baş halypamyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!


Gülüstan Hudaýarowa

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri