2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Medeniýet we sungat – kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly çuňňur pähim-paýhasly kitaplarynda öňe sürülýän gymmatly pikirleri giňden wagyz etmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürmek, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, döredijiligini çeper wasp etmek maksady bilen guralan bu döredijilik bäsleşigiň ähli ugurlaryna medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri, özleriniň şygyr, kyssa eserleri hem-de makalalary bilen işjeň gatnaşdylar.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly paýhasa ýugrulan kitaplaryndaky gymmatly pikir-garaýyşlar, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürip-kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy, döredijiligi giňden wasp edildi.
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä ýaýylmagynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz uly goldaw-hemaýatlary edýär. Golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri uly orun eýeleýär.
Doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giňden bellenilip geçilen dana şahyryň goşgulary durmuşa dogry düşünmegi, ömri manysyz geçirmezligi, adamkärçiligi, halallygy, rehimdarlygy, ynsaplylygy, kanagatly bolmagy nesihat edýär. Şahyryň döredijiliginiň esasy sütünlerini many, duýgy-düşünje, päklik, ylym, adalat, ynsap düzýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ähli döwürler üçin ýagşy ýol görkeziji şamçyrag bolup, pähim-paýhasa ýugrulan setirleri, türkmen edebiýatynyň ägirdi hökmünde tanatdy hem-de edebi diliň beýik ussady bolmagyna getirdi.
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ösmegi, halkyň ruhy dünýäsiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen medeniýeti, edebiýaty bu gün türkmen dünýäsiniň inçeligini özüne siňdiren eserleri, milli däp-dessurlary, amaly-haşam işleri, şirin owazly aýdymdyr mukamlary bilen tanalýar. Medeniýetimize, edebiýatymyza uly sarpa goýýan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin, ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Medeniýetimiz, sungatymyz bu gün dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzda halkara sungat festiwallarynyň, Medeniýet günleriniň, Medeniýet hepdeliginiň yzygiderli geçirilmegi, şonuň ýaly-da dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara festiwallara, Türkmenistanyň Medeniýet günlerine sungat ussatlarymyzyň gatnaşyp, medeniýetimizi halkara jemgyýetçiligine äşgär etmekleri buýsançlydyr. Ynsan göwnüniň ganaty bolan aýdym-sazlar adamlaryň ruhunyň belent, kämil bolmagyna oňyn ýardam edýär. Şahyrlarymyzyň döwrümizi wasp edýän şygyrlaryna, aýdymçy-sazandalaryň täze aýdym-sazlary döredip halkymyza ýetirmekleri, ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň sungatymyza siňýändigini ýüze çykarýar.
«Medeniýet we sungat – kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny gülledip ösdürip, dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.