logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gözelligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen älem-jahany haýran galdyrýan behişdi bedewlerimiziň şanyna toý- dabaralary uludan tutulýar. Her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilip, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri dabaraly jemlenýär.

23-nji aprelde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaş şahyrlaryň arasynda yglan edilen «Waspyň sena boldy dillere, bedew!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri dabaraly jemlenip, ýeňijiler Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň ruhy syrdaşydyr. Owadanlygy, ýyndamlygy, gözelligi, eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýran galdyrýan türkmen bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr, dünýä dolan gymmatlygydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: «Bedewlerimiz halkymyzyň geçmişiniň, şu gününiň hem geljeginiň, sözüň doly manysynda daýanjy bolup, durmuşymyzyň ýaraşygydyr. Magtymguly atamyzyň «Aty meýdan tanyr, hümmeti - myhman», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», ýaly setirleri türkmen bedewiniň durmuşa aýratyn gyzyk çaýýandygyna şaýatlyk edýär» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, behişdi bedewler milletimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Şonuň üçin hem, bagtyýar halkymyzyň şöhratly taryhyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri arkaly indi ençeme asyrlar bäri dünýä halklaryny haýran galdyrýar.

Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek babatda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylymyzda ýazyjy-şahyrlarymyz hem döredýän eserlerinde, goşgularynda behişdi bedewlerimiziň tarypyny çeper sözleriň üsti bilen ýetirýärler. Ýaş şahyrlaryň goşgularynda hem toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan bedewlerimiziň waspy belentden ýetirildi.

Dabara gatnaşyjylar behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurmak ugrundaky taýsyz tagallalary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.

Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.