logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Döredijilik çarbagynyň bagbany

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäheriniň 31-nji orta mekdebinde “Döredijilik çarbagynyň bagbany” atly edebi agşam geçirdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran meşhur söz ussatlarynyň, ýazyjy şahyrlarynyň mertebesini belent tutýar. Olaryň ömri-döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikler açýar. Şeýle söz ussatlarynyň biri hem, türkmen edebiýatynda özüniň ajaýyp eserleri bilen öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýew. Ol döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösmegi üçin bitiren işlerini nazarda tutsak, onda ol bir asyrlyk, on asyrlyk işiň iňňän gysga pursatlarda bitirilendigine göz ýetirýärsiň.