logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäherinde ýerleşen Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary bilen geçiren gezelenjiniň we döredijilik duşuşygynyň ýazgysy.

Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäherindäki Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary gezelençde boldylar.Gezelenjiň çäklerinde mekdep okuwçylary Döwlet kitaphanasy bilen tanyş boldylar hem-de şol kitaphanada işleýän döredijilik işgärleri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda ýazyjy-şahyrlar kitap hakynda,okamaklyk hakynda goşgy okadylar şeýle hem ýaş nesillerimiz hakynda ýazylan gysgajyk ertekilerdir, hekaýalary okap berdiler.

Döredijilik duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşyjylar Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.