logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda, halypa şahyrlar Halyl Kulyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy, Çary Ýegenmyradowyň doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş eden döredijilik işgärleri halypa şahyrlar Halyl Kulyýewiň, Çary Ýegenmyradowyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu ussat şahyrlaryň kitaplarynyň şu günki döredijilik işgärlerimize gollanma bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle hem, söz sungatynyň hiç wagt könelmeýändigini, ýaş nesillerimiziň halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini uly höwes bilen okaýandyklaryny çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar türkmen medeniýetine, sungatyna we edebiýatyna uly hormat goýýan, ýazyjy-şahyrlarymyzy sarpalaýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.