logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Medeniýet öýleriniň we medeniýet merkezleriniň işini kämilleşdirmek, oba ilatyna medeni taýdan hyzmat etmek, oba ýaşaýjylarynyň dynç alyş wagtlaryny täsirli geçirmek maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.

Şu ýylyň 13-14-nji martynda Mary welaýat kitaphanasynda, Ýolöten, Wekilbazar etraplarynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem örän täsirli we gyzykly boldy. Bu duşuşyklarda Türkmenistanyň halk artistleri Suhanberdi Orazberdiýew, Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ata Täzebaýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri – şahyrlar Aşyrmät Garlyýew, Çemen Annaberdiýewa, Muhammetjuma Hydyrow, Bahargül Mejidowa dagy çykyş etdiler. Bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, şahyrlarymyzyň okan goşgularyny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar.

Döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlarda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny artdyrýandygy, watandaşlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygy, ýaş nesillerde medeni-ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döredýändigi buýsançly nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde, häzirki döwürde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini, başarnygyny kämilleşdirmek, döwrebap eserleri döretmek, il içinden täze, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Medeniýetiň kämilligi jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşini belende götermäge ýardam berýär. Raýatlary halal we döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, halka döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemekde Medeniýet öýlerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklary örän ähmiýetlidir.

14-nji martda halypa şahyrlar Atajan Annaberdiýewiň we Gurt Näzliýewiň doglan günleriniň 80 ýyllygy mynasybetli Murgap etrabynyň medeniýet merkezinde aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu halypa şahyrlaryň goşgulary okyjylaryň kalbynda orun alan, türkmen edebiýatynyň ösmeginde uly goşant bolan eserlerdir.

Duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, halypa şahyr Ata Täzebaýew, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Annamyrat Hotjyýew, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew, Murgap etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, şahyr Ahmet Çarykulyýew, şahyr Ezizgeldi Helleňow, ýazyjy Kakamyrat Ataýew, şahyr Atajan Annaberdiýewiň gyzy, Çemen Annaberdiýewa, şahyr Gurt Näzliýewiň agtygy, «Belent bilim» okuw merkeziniň hünärmeni Merjen Berkeliýewa we başga-da birnäçe adamlar çykyş etdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni syýasaty, taryhy-medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen maksatnamalary türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni-ahlak gymmatlyklaryny, ruhy bitewüligini aýawly saklamakda, jemgyýetiň ruhuny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky aladalaryndan ruhlanýan döredijilik işgärleri medeni ulgamyň ösüşini täze belentliklere götermekde joşgunly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda, Medeniýet öýlerinde medeniýet işgärleriniň alyp barýan köp ugurly işleri watandaşlarymyzy belent maksatly işlere höweslendirmäge, ilatyň medeni isleglerini kanagatlandyrmaga uly ýardam berýär.

Döredijilik duşuşygynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şöhratly wakalary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň gerimli işleri, beýik ösüşlere beslenýän Watanymyz giňden wasp edildi.

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek, dünýä çykarmak ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

Akmyrat Rejebow,

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri