logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Döredijilik konserti

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen konsertler, festiwallar, bäsleşikler, ussatlyk sapaklary yzygiderli geçirilýär.
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphana şahamçasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zehinli talyplarynyň konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda diňe bir türkmen däl, eýsem, daşary ýurt kompozitorlaryň eserleri hem ýaňlandy.
Konsert “Türkmen sazy” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Mergen Asdanowyň sazandarlyk etmeginde “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewanyň ýerine ýetirmeginde “Alkyşnama” eseri bilen başlandy. Soňra kompozitor Z.Bagirowyň “Romans” eserini “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Gülçemen Guldurdyýewa ýerine ýetirdi. “Halk sazy” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Jennet Myradowanyň sazandarlyk etmeginde, Azat Klyçewiň ýerine ýetirmeginde N.Muhadowyň “Çal dutar” hem-de Ç.Babaýewiň “Bilbil gördüm” ýaly ajaýyp eserleri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. “Kirişli saz gurallary” toparynyň ýerine ýetirmeginde 3-nji ýyl talyby Zeýnep Rustamaliýewanyň sazandarlyk etmeginde kompozitor L.Koheniň “Alliluýa” eseri ýaňlandy. Ýene-de şol ýerine ýetirilişde “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Goşly Dänäýewiň sazandarlyk etmeginde kompozitor S.Rahmaninowyň ajaýyp “Italýan polka” eserini diňleýjiler gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Diňleýjiler Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlaryna we talyplaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Altyn ÝANGYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.