logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖREDIJILIK SERGISI

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Oraz Agabaýewiň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Suratkeşiň «Daragtyň miwesi» toplumy, «Ýolagçylar», «Ýol işçiler», «Duşuşyga», «Maşgala», «Gowagyň syry», «Dünýäler», «Geň myhman», «Täsin guş» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.
Taryhyň dürli döwürlerinde grafika sungatynda dörän eserler halkyň ruhuny galkyndyrmakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Suratkeş Oraz Agabaýew grafika sungatynyň mirasyny baýlaşdyrjak ajaýyp eserler toplumlaryny döretdi. Halypa suratkeş ýurdumyzda geçirilýän sergilere hem-de halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýar. Ol Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň daşary ýurtlarda gurnaýan sergilerine hem gatnaşyp, sungat muşdaklarynyň aýratyn söýgüsini gazanýar. Oraz Agabaýewiň döredijilik işlerine Moskwa şäherinde geçirilen döwletara sergisinde uly orun berildi. Suratkeş Oraz Agabaýewiň şahsy döredijilik sergisi 10 gün dowam eder.