logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DÖREDIJILIKDE TAPAWUTLANAN ÝAŞLARA SOWGATLAR GOWŞURYLDY

DÖREDIJILIKDE TAPAWUTLANAN ÝAŞLARA SOWGATLAR GOWŞURYLDY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerilip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Munuň özi her bir adamyň esasanam ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, nesillerimiziň ýagty geljegine bolan ynamyny beýgeldýär.

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly mugallymlaryň hem-de talyplaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginde aýratyn tapawutlanan zehinli ýaşlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň adyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy.