logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DOST-DOGANLYGYŇ MEDENI ÇÄRESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz sungat däpleri bilen dünýä tanalýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» bolsa türkmen milli medeniýeti bilen dünýä sungat däplerini özünde jemleýän täzeden-täze eserleri döredilmegine getirýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyz goňşy Gündogar döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşykda bolup, dünýä giňişliginde türkmen medeniýetini we sungatyny beýan etmäge örän uly mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýan dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň öňe sürülmeginde medeniýet we sungat äleminde uly ösüşler gazanylýar. 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň muzeý işgärleriniň Türkmenistana sapary amala aşyrmagy esasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hytaý atşynaslyk medeniýetine we ak farforyna bagyşlanan sergisi geçirildi. Bu sergi bir aýyň dowamynda hereket edip, halk köpçüligine ýetirildi.

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda bolsa türkmen-hytaý atşynaslyk medeniýeti çäresiniň we hytaý ak farforynyň sergisiniň çäklerinde «Hytaý tagamlarynyň datlylygy – duşurýarys we birek-birekden öwrenýäris» atly medeni çäresi geçirildi. Bu çäre uly dabara bilen ýurdumyzyň sungat işgärleri, ussat suratkeşleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşyp, hytaý sungaty bilen tanyş boldular. Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet işgärleriniň täsirli çykyşlary datly tagamlaryň hödürlenmegi bilen baýlaşdy. Şeýle hem, bu çärede hytaý taryhy we medeniýeti bilen bagly çekeleşikli bäsleşik talyp ýaşlaryň alan bilim derejesini ýokarydygyny görkezdi. Bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanan ýaşlary ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar. Bu bolsa ýaşlaryň medeni sungatymyz bilen bir hatarda hytaý sungatyna bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy.

Bu çärede sergilenen eselerde Hytaýyň nakgaşçylyk, grafika, amaly-haşam sungaty ugurlaryna degişli birnäçe ajaýyp eserleri tomaşyçylara ýetirildi. Hytaý suratkeşleriniň döredijiligi häzirki zaman sungatynyň ösüşini şöhlelendirdi. Hytaý suratkeşleri orta asyr sungat däplerine eýerip, häzirki döwre çenli ony has-da ösdürip öz sungat eserlerinde giňden ulanýarlar. Bu sergidäki eserler hem munuň aýdyň mysalydyr.

Sungat eserleriň her birinde hytaý topragynda duş gelýän atlaryň tokaýlykda çapýan gaýtalanmajak görnüşleri, özboluşly owadanlygy bilen sazlaşýan, deňiz tolkunlarynda gezim edýän pursatlary gyzyl we goňur reňkleriň sazlaşygynda görmek bolýar. Olardan suratkeş Gun Çunhunyň «Goşa bagt», «Bagt we rowaçlyk», «Ene söýgüsi», «Alty ajaýyp bedewler», «Edermen söweşijiler beýik derýany kesip geçýärler», «Güýçli ýeliň aýdymy», «Sada şekil», Sun Hunewýiň «2025-nji ýylyň bahar pasly – 2 bölüm», «Iki gahrymanyň aýdymy», Çžan Yanyň «Atlar suwuň boýnunda», «Ganatly ak at», «Uzak bulutlaryň arasynda ýyldyz ýaly seýrek jaý», «Ganatly bedew nireden geldi», «Müňlerçe çalasyn atlar», «Dury suw ruhuň tämizligini görkezýär» atly eserlerinde häzirki zaman hytaý çeperçilik aýratynlyklary şöhlelenilýär. Olar ýerine ýetirilişi, özara sazlaşykda şekilleriň biri-birine baglanyşygy esasynda döredilipdir.

Mundan başga-da, ak farfor önümleri inçeden sünnälenip, haşamlanyp ýerine ýetirilişi örän täsindir. Çünki bu sungatyň aýratynlygy onuň göwrümlerinde, haşamlygynda, syrçalaryň reňk öwüşginliginde aýratyn orny eýeleýär. Bu keramika önümlerine ak farfordan ýerine ýetirilen heýkeljikleri we güldanlar degişli bolup, nepisligi we ussatlygy bilen özboluşlylyga eýe bolýar. Mundan başga-da, görkezilen işleriň arasynda ussatlyk bilen döredilen at eýerleri hem serginiň gözelligine görk goşýar. Umuman, serginiň çäginde geçirilen medeni çäre türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň has-da ösdürmekligine we sungat äleminde ýokary derejä ýetmäge itergi berýär.

Ogulsona ÖWEZMYRADOWA

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi