logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY

DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda daşary ýurt medeniýet we sungat işgärleri bilen bilelikde konsertler, festiwallar, bäsleşikler, ussatlyk sapaklary yzygiderli geçirilip dur. Bu gün hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň at gazanan artisti Albert Jalilowyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary bilen ussatlyk sapagyny geçirdi.

Ilki bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby Allaşow Wepa N.Rimskiý-Korsakowyň «Снегурочка» operasyndan Mizgiriň ariozasyny ýerine ýetirdi. Soňra 5-nji ýyl talyp Şaripow Mansur G.Donisetti «Любовный напиток» atly operasyndan Nemorinonyň romansyny ýerine ýetirdi. Albert Jalilow hem talyplara aýdym aýdanda dem almagyň usullaryny aýdyp berdi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Hemraýew Atajan R.Falwonyň «Скажите девушки» atly aýdymyny ýerine ýetirende, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň at gazanan artisti Albert Jalilow oňa aýdymy ýerine ýetirende goýberýän ýalňyşlyklaryny hem-de gerekli maslahatlaryny berdi. Ussatlyk sapagynyň dowamynda Albert hem birnäçe aýdymlary ýerine ýetirip, çykyş eden ähli talyplara hem-de olaryň mugallymlaryna özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle ajaýyp konsertleriň, ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň geçirilip durmagy biz talyp ýaşlara zehinlerimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilik bolup durýar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!



Altyn ÝANGYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby