logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dost – doganlyk gatnaşyklary dünýä dolýar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleriniň bilelikde gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine bolan iş saparynda gol çekilen birnäçe ähtnamalar boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

“Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirilen söhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ähtnama kabul edilendigi, şeýle-de kitaphana ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň möhümdigi dogrusynda, kitaphana işiniň täze, döwrebap iş ugurlaryny girizmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we ulanmak arkaly tejribe alyşmakda ikitaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygy hakynda söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri doganlyk döwletiň belli ýazyjy- şahyrlarynyň eserleriniň okyjylar tarapyndan söýlüp okalýandygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyş eden medeniýet işgärleri Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Gruziýada Türkmenistanyň medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi hakynda hem buýsançly söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.