logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DOST-DOGANLYK GÜLLEÝÄR, PARAHATLYK ÝOLY BILEN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen 95-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Dost doganlyk gülleýär, parahatlyk ýoly bilen» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy” atly kitaby türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýandygy, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu günki gün bagtyýarlyk döwrümiziň binýady bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkyny asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.