logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DOST-DOGANLYK MEDENIÝETI

PARAHATÇYLYK BÜTIN DÜNÝÄNIŇ GEREGI

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2025-nji ýylda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygary dabaralandyrmak maksady bilen dürli maslahatlar, konsertler we beýleki çäreler guralýar. 2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň Türkmenistanyň Aziya-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy Ýaponiýanyň medeniýet we sungat işgärleriniň Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon milli tans sazlarynyň tanyşdyrylyş okuw sapagy geçirildi. Duşuşykda Ýaponiýanyň öňdebaryjy milli medeni sungaty bolan Kabuki sungatynda ýapon milli guraly bolan şamiseniň (üç tarly guralda) ýerine ýetirijisi Kikuçi Ýutaka hem-de Ýapon milli tansynyň ussady Chiho Ueda çykyş etdiler. Okuw sapagynyň dowamynda myhmanlar ýapon milli medeniýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler we birnäçe saz we tans tilsimlerini görkezdiler. Şol pursatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary hünäriniň talyplary hem-de mugallymlary türkmen milli saz senedimizde myhmanlaryň öňünde aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar gyzykly okuw sapagy geçirilendigi üçin örän hoşal boldular.

Pursatdan peýdalanyp şeýle mümkinçiligi döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Baýmuhammet HOJALYÝEW



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň konsert bölüminiň esasy hünärmeni