logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DOST-DOGANLYK MUKAMLARY ÝAŇLANDY!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Watanymyz bu gün dünýä döwletleri bilen dostlukly, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar. Aýdym-saz sungaty hem dost-doganlyk ýoluny pugtalandyrmakda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň müdiri M.Mämmetjumaýewanyň ýolbaşçylygynda okuw jaýynyň estrada orkestriniň we talyplarynyň çykyş etmeginde “Dost-doganlyk mukamlary” atly aýdym-sazly konsert geçirildi. Konsertiň dowamynda türkmen aýdym-sazlary bilen bilelikde, goňşy döwletleriň söýlüp diňlenilýän aýdymlary ýaňlandy. “Estrada sungaty” kafedrasynyň göreldeli talyplarynyň ýerine ýetiren aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Konsertiň açylyşynda ussat kompozitor Ç.Nurymowyň “Çapyksuwaryň aýdymy” ýaňlandy. Aýdym-sazly konsertiň dowamynda dünýä meşhur bolan “Mimino”, “Tansor Disko” kinofilmleriniň sazy, azerbaýjan, özbek halk aýdymlary, Ibragim Tatlysesiň “Ýalla” toparynyň, Ýuriý Şatunowyň repertuarlaryndan aýdymlar ýerine ýetirildi. Orkestriň we talyplaryň konsertdäki her bir çykyşy biziň ýaşlarymyzyň dünýä sazyna, sungatyna goşýan goşandynyň egsilmezdigine şaýatlyk edýär. Çünki, dost-doganlyk mukamlary bu günki gün dünýä ýüzüne ýaň salýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara görelde mekdebi bolýarlar. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlarymyzyň dünýä döwletleriniň sungatyna, sazyna mynasyp goşant goşmagyna, döwrebap bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, başlarynyň elmydama belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Gülzada MEREDOWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň “Goboý” hünäriniň I ýyl talyby