Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň” döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatyň hem-de azerbaýjan döwletiniň sowgatlyk kitaplarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäginde “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Dost-doganlyk söhbedi” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde Azerbaýjan milli kitaphanasynyň direktory we beýleki görnükli wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşyp, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürmekde uly işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda şeýle hem iki ýurduň ýazyjy- şahyrlarynyň döredijiligi hakynda täsirli söhbet etdiler.
Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.