Türkmenistanda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal badalga aldy.
19-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçylarydyr sazandalar bu çärä gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşe goşant goşup, dünýä döwletleri bilen dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklary alyp barýar. Şunda halklaryň özara düşünişmegine ýardam edýän medeni dialoga aýratyn orun berilýär. 2025-nji ýylyň“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu halkara festiwal hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolan medeni diplomatiýany ilerletmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işler bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýän başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp baryp, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalar bilen giň möçberli dialogyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşy barada söz açýan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň özenini hem sungatyň parahatçylyk döredijilikli wezipesi baradaky pikiriň düzýändigini bellemek gerek.
«Türkmenistan» gazeti