logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DOSTLUK KÖPRÜSI BERKIDILÝÄR

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, syýasy durnuklylygy we agzybirligi berkitmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary barha rowaçlanýar. Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini has-da berkidýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň gülläp ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy işler, tutumly maksatlar, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalar berkarar döwletimizi dünýä giňden tanadýar. Türkmenistan döwletimizde dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde, Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistan bu gurama agza ýurtlar bilen özara medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär.
2026-njy ýylyň 4-8-nji oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýokary wezipeli wekilleriniň 7-nji mejlisi geçirilip, oňa türkmen hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Mejlisde 2027-nji ýylda TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde 2027-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.
Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň dowamynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriniň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda, Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň duşuşygy we eserleriniň sergisi, kompozitorlaryň döredijilik duşuşygy we halk aýdym-sazlarynyň, şeýle hem, opera eserleriniň konsertiniň, simfoniki orkestrleriniň we Ýaşlar hor aýdymlary toparlarynyň konserti, talyplar teatrlarynyň festiwaly, «TÜRKSOÝ» atly VI halkara teatr festiwaly, döwlet teatr ýolbaşçylarynyň döredijilik duşuşygy, «Gorkut ata» atly halkara kino festiwaly, «Altyn Garagöz» atly halkara tans festiwaly, muzeý we kitaphana işgärleriniň duşuşyklary, ýazyjy-şahyrlaryň we alymlaryň ýazan kitaplarynyň sergileri we ýaş ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşyklary, meşhur şahsyýetleriň döredijilik dünýäsine bagyşlanan ýatlama agşamlary, zenanlar döredijilik hepdeligi we modalar günleri ýaly iri halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi bellenilip geçildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylyň dowamynda türki döwletleriň nakgaşlarynyň, fotosuratçylarynyň kataloglaryny, döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň ýygyndysyny, kalendarlary, žurnallary we beýleki neşir önümleriniň çap edilmeginiň göz öňüne tutulýandygy nygtaldy.
Şundan görnüşi ýaly, bu çäreleriň türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Medeni çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy, biziň halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy.