logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DOSTLUKLY PARAHATÇYLYGYŇ ASYLLY ÝÖRELGESI

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem sebitimiziň goňşy döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklar we özara bähbitli hyzmatdaşlyklar esasynda yzygiderli ösýär.

Şeýlelikde 2025-nji ýylyň 1-10-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda miniatýura we altyn çaýyp sahypalary bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň geçirilişi üstünlikli başlady. Ussatlyk sapagynyň ilkinji gününde Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleri özüniň döredijilik eserlerini sungat ojagymyzda sergiledi. Sergide miniatýura eserleri özüniň ajaýyp inçeden çekilen şekilleri bilen tapawutlandy. Her bir döredilen eserde reňk öwüşgünli özboluşlulygy bilen aýratynlanýar. Iki dostlukly döwletleriň biri-birinden tejribe alyşmaklary arkaly döredijilik ukybyny kämilleşdirilýär. Ussatlyk sapaklarynyň geçirilişi ýaş talyplarymyz hem-de mugallymlarymyz üçin peýdaly tejribe boljakdygyna şübhesizdir. Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň ussatlyk sapaklary 10-njy noýabra çenli sungat ojagymyzda dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň eýwanynda gurnalan miniatýura eserleriniň sergisi bilen mugallymlar we talyplar ýakyndan tanyş bolýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga berýän hemaýatlary üçin çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.


Oguljan Daýyýewa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 3-nji ýyl talyby