logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

DOWAMAT-DOWAMDYR ÝOLLARYŇ BEDEW

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Dowamat-dowamdyr ýollaryň bedew» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, şan-şöhraty dünýä ýaýran, milli gymmatlyklarymyzyň biri ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygy, ata-babalarymyzyň yhlasy, zehini bilen ýetişdirilen gamyşgulak bedewlerimiziň öz gözelligi, ýyndamlygy we ajaýyplygy bilen dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galmagy, häzirki wagtda diýarymyzda milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.