logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«DOWAMATYŇ-DOWAMY SIZ ENELER!» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Dowamatyň-dowamy siz Eneler!”ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler bagtyýar zenanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde ýokary derejede durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty,zenanlaryň hukuklary,ýaş zenanlar üçin döwlet goldawy,maşgala mukaddesligini goramaklyk, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiz, zenanlaryň görküne görk goşýan bezegli şaý- sepler,türkmen gelin gyzlarynyň çeper ellerinden çykýan dünýä gymmatlygy hasaplanýan nepis halylary we keşdeleri ýaş nesillere ýetirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyz, ruhy gymmatlygymyz, zenanlaryň ukyp başarnygyna görä durmuş-ykdysady ösüşlerinde goşýan goşantlary barada täsirli gürrüňler edildi.

“Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin.